Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen çagyrdy

09-04-2022 / 5058

8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär, diýip, «atavatan-turkmenistan.com» ýazýar.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin birek-biregi  Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutladylar.

Şeýle hem iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleler we sebit görnüşlerinde, şol sanda Hazar bäşliginiň çäginde özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşdylar. Russiýa—Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de has-da pugtalandyrmak babatdaky ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Russiýa sapar bilen çagyrdy. Çakylyk uly kanagatlanma bilen kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, 8-nji aprelde  Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyl dolýar. Şu mynasybetli iki ýurduň döwlet Baştutanlary birek-birege gutlag hatlaryny iberdiler.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com