Düýn paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” söwda merkezinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň, şeýle-de “Mähirli Zenan” modalar öýüniň täze kolleksiýalarynyň moda görkezilişi geçirildi.

Medeni çärä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de hormatly myhman hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýaly ilçisi we maşgalasy gatnaşdylar.