Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

VI Hazar sammitiniň netijelerine bagyşlanan maslahat

02-07-2022 / 5075

Şu gün — 2-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen VI Hazar sammitiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler VI Hazar sammitiniň dowamynda öňe sürülen teklipleriň, goldanylan başlangyçlaryň Hazar ýurtlarynyň maksatlarynyň birdigini aýdyňlygy bilen görkezdi diýip bellediler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ol maksatlar sebitiň parahatçylygyny, durnukly ösüşini, ykdysady, ulag-logistika, medeni hyzmatdaşlyklaryň ýygjamlaşmagyny nazarlaýandyr. Çykyşlarda Hazar platformasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ekologiýa hyzmatdaşlyklary berkitmekde biziň ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin aýdylyp geçildi.

Babahan EÝEBERENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com