Awtory: Merjen Kadyrowa,

«Türkmen gündogary» gazeti.

Ýetip gelen Milli bahar baýramy mynasybetli uly ruhubelentlige beslenip geçirilýän dürli baýramçylyk çäreleridir bäsleşikler ýurdumyzyň etrap-şäherleriniň ähli ýerini gurşap alýar. Olarda diňe bir Nowruzyň waspy ýerine ýetirilmän, eýsem, halkymyzyň millilik ruhuna baý bolan däp-dessurlary, urp-adatlary we ýörelgeleri-de öz beýanyny tapýar.  Ýakynda biziň Lebap welaýatymyzyň medeniýet müdirliginiň maslahatlar zalynda hem şeýle milli baýramçylyk ruhuna kybapdaş bäsleşikleriň ýene-de biriniň jemi üstünlikli jemlendi. «Iň uzyn saçly gyz ― 2021» at bilen geçirilen bu bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi we Lebap welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde guradylar. Bäsleşik örän gyzykly geçirilip, oňa welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 8―11 synp gyzlarynyň köpsanlysy gatnaşdylar.

Jemi üç şert boýunça geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda türkmen gelin-gyzlarynyň gelşigi bolan uzyn saçlaryň tarypy belentden ýerine ýetirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsdeşler saçlaryny ösdürmekde we olara ideg etmekde ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlary berjaý edişlerini, milli emleri ulanyşlaryny gysgaça sahnalaryň üsti bilen hem sahnalaşdyrdylar. Şeýle hem, bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda okuwçy gyzlar dürli nusgadaky türkmen milli lybaslaryny geýip, öz saçlarynyň gözelliklerini görkezdiler we uzyn saçlaryň waspyny etdiler, zamanabaplygyny tarypladylar.

Bäsleşigiň netijelerine görä, baş baýraga welaýatymyzyň Farap etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Jennet Gündogdyýewa mynasyp boldy. Jennet gyzyň saçynyň uzynlygy 124 santimetre barabar eken. Bäsleşigiň birinji ornuny 123 santimetr saçynyň uzynlygy bilen Köýtendag etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 10-njy synp gyzy Leýli Hemraýewa, ikinji ornuny bolsa 106 santimetrli saçy bilen Halaç etrabynyň 49-njy orta mekdebiniň 11-nji synp gyzy Jemal Jumadurdyýewa eýelediler. 105 santimetr uzynlykdaky saçly gyzymyz welaýatymyzyň Çärjew etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň 11 synp okuwçysy Jennet Jumaşowa bäsleşigiň üçünji baýrakly ornuny gazandy.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere we oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda türkmen gelin-gyzlarynyň şamar gara saçlarynyň gözelligini, owadanlygyny wasp edip okalan çeper okaýyşlar, şygyrlar we ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymlardyr tanslar bu ýere ýygnanan ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny has hem beýgeltdi.