Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Üstünlige ýetmegi her kim başarar

Üstünlige ýetmek üçin näme etmeli? Bu sorag her bir adamyň öz öňünde goýan maksadyny delillendirip bilýän faktlary özünde jemleýär. Aslynda, üstünlik diýmek nämäni aňladýar? Üstünlik bu – ahyry peýdaly bolan, bir maksady durmuşa geçirmegi başarmak. 

Üstünlik gazanmak üçin örüsi giň maddy mümkinçilikler ýa-da ýokary bilim ýaly derejelere eýe bolmak hökman däl. Elbetde, olar hem ýeri gelende üstünlige ýetmek üçin basgançak bolup hyzmat edip bilerler. Ýöne olar hökman üstünlik gazanjakdygyňyzy kepillendirip bilmez.

Indi, göz öňüne getiriň: Başy howaly belent bir dag bar. Diýeli, üstünligem şol dagyň çür depesinde. Ýöne ýylçyr gaýalaryň depesinde ýerleşen üstünlik nokadyna ýetmek üçin oňa barýan ne bir ýol, ne-de bir ýoda bar. Onda, basgançaklary özümiz gurmaly bolýarys. Geliň, bu üstünlige barýan ýoly esasy böleklere bölüp, olaryň her birine-de özbaşdak şygar goýalyň:

 – Sapak almagy başarmak we bahanalardan uzakda durmak.

Üstünlige ýeten meşhur adamlaryň durmuşlaryna ser salyp görseňiz, köplenç, şeýle ýagdaýa duş gelip bilersiňiz. Isle iş durmuşynda bolsun, isle okuw babatynda bolsun, durmuşyň her bir gowy we erbet wakalaryndan netije çykaryp bilmek, üstünligiň iň ilkinji, şol sanda iň möhüm ädimidir. Haçanda ilkinji ädimleriňiz şowsuz bolup, eden işleriňiz netijeli tamamlanmasa, kimdir birini ýazgarmagyň deregine, yzyňyza bakyň-da, nirede ýalňyşlyk goýberendigiňizi pikirleniň!

Eger-de öz goýberen ýalňyşyňyzy saýgaryp bilseňiz we ondan özüňize sapak almagy başarsaňyz, muny ýalňyşlyk däl-de, bir durmuş tejribesi hasaplap bilersiňiz. Unutmaň, tejribeler – üstünligiň simwolydyr.

 – Maksatly bolmak.

Maksat – bu ynsanyň içindäki arzuw-umytlaryny durmuşa geçirmegiň esasy şertidir. Islendik adamyň ýüreginiň töründe hökmany suratda uzyn we gysga möhlete eýe bolan maksat ýaşaýar. Meselem, mekdebe ilkinji sapar gadam basýan okuwçynyň maksady “okamagy öwrenmek”. Bu gysga wagtlyk maksatlaryň görnüşine degişli.

Her iş maksatly edilen ýagdaýynda güýçli we täsirli bolýar. Her bir ynsanyň arzuw-maksatlary ýaşyna baglylykda üýtgär we ulalar. Islendik kişi arzuwlaryny durmuşa geçirmek üçin öz öňünde takyk maksatlary goýmalydyr. Meselem: Meniň maksadym iş durmuşymda meýilleşdiren “a” nokadyma gelmek. Şonuň üçin irginsiz zähmet çekýärin we netijesinde men öz ykdysady erkinligimi gazanaryn. Meniň maksadym, özüme ynanylan işi kämil derejede ýerine ýetirmek we özümi gowy tarapdan görkezmek. Şonuň üçin hem yhlas bilen işleýärin. Netijede bolsa, maňa has ýokary ynam bildiriler.

Meniň maksadym,  durmuşymdaky mümkinçiliklerimi belent derejelere ýetirmek.

Öz öňüňizde maksat goýan wagtyňyz, ilkinji nobatda wagty kesgitlemeli. Ýogsa, maksatlaryňyzyň gury hyýala öwrülmegi mümkin. Maksatlaryňyza ýetilmeli möhleti kesgitläniňizde anyk bir senäni belgilemeseňiz hem, takmynan, bellibir wagty bellemeli.

– Meýilnamalaşdyrmak.

Adatça, her gün irden oýanan badyňyza  şol günki iş meýilnamaňyz seriňizde aýlanar. Gündelik gaýtalanýan hadysalar, meselem okuwa ýa-da işe gitmek, boş wagtlaryňyzda edilmeli işler we ş.m. Aslynda, güni netijeli geçirmegiňiz – ony näderejede dogry meýilnamalaşdyranlygyňyza baglydyr. Durmuşda hem islendik işi haýsy günde, haýsy wagtda etseňiz has oňat boljakdygyny öňünden seljermek olary durmuşa geçirmekdäki päsgelçilikleri aradan aýyrar. Oýlanyşykly düzlen meýilnama siz üçin wajyp bolmadyk zatlara giderýän wagtyňyzy tygşytlamaga, boş wagtlaryňyzy has netijeli ulanmagyňyza kömek eder. Elbetde, meýilnamalaşdyrmak gowy. Emma ony durmuşa geçirmegiňiz üçin ýeterlik yhlas etmeseňiz ählisi biderek bolar. Ýatda saklaň, iň aňrybaş meýilnamalar hem öz-özünden amala aşýan däldirler.  Olaryň şeýle bolmagyna howaýy umyt bilen garaşmak, üstünligi gijikdirmekden başga hiç zat däldir.

– Özüňi tanamak.

Özüňi tanamak bu – nämelere ukyplydygyňy we nämeleri başaryp biljekdigiňe göz ýetirmekdir. Öz kemçiligiňi bilmek, ony düzetmek üçin ädilen ilkinji ädimdir. Meselem, sesi ýok bolsa-da, aýdym aýtmaga synanşyp, ile ryswa bolup, ýene-de, “şowsuzlyga uçradym” diýip nalaýanlar, özlerini tanamaýanlardyr. Aslynda, şowsuzlyk diýen zat ýok, saýlawlaryň ýalňyşlygy bar. Eger-de, surat çekmek ukyby bolan ussat suratkeş bolup, “Çeperçilik akademiýasyna” okuwa giren bolsaňyz, siz üstünligiň dogry saýlawyny edendigiňiz ikuçsuz.  Özlerini gowy tanaýan kişiler, başgalaryň negatiw pikirlerine goşulmazlar, öz etjek işlerini gowy bilerler. Özüni sylaýan adamlar beýleki bir şahsyýetiň häsiýetini özlerine nusgalap almazlar. Üns beriň! Üstünlikli adamlardan nusga almak gowy zat, ýöne olary özüňe nusgalamak asla dogry häsiýet däldir. Her kimden gowy gylyk-häsiýeti alyp bilmek, bu başga gürrüň. Ýöne şol adamyň edil özi bolup ýaşamaga ymtylmak, bu täze şahsyýeti emele getirmeýär-de, diňeje onuň nusgasyny, has dogrusy, kölegesini emele getirýär.

Şu güne çenli üstünlige ýetmegiň ýollary we syrlary baradaky makalalar, terjimeler, kitaplar, düşündirişler,  ýeterlik derejede ýazyldy. Emma islendik bir zady öwretmek ýa-da düşündirmek, ugrukdyrmak, maslahat bermek hemmämiz üçin hem ap-aňsat. Ýöne, bilmek bilen bir hatarda bilýän zatlaryňa amal etmek hem möhüm. Siziň her biriňize, üstünligiň ýaran bolmagyny arzuw edýärin. Çünki, hemmämiz oňa ýetmäge mynasypdyrys!

Humaý MEREDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com