Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Unudylmaýan zatlar taryhdyr

Paýhasly sözler

23-01-2023 / 91
  • Eşidilmek isleýän bolsaň, aýdýan zadyňy eýesiniň dili bilen gürle!
  • Ýagşylyk etmek niýeti bilen edilen ýagşylygyň ýerini çalyşmaly däldir.
  • Käwagt utandyrmakdan utanýaň.
  • Dünýä bar ýaly bolup görnen bir ýalan, Alla bolsa ýok ýaly bolup görnen bir hakykatdyr.
  • Ynsanlary tanasaň, ýalňyz galarsyň.
  • Mesligiň soňy peslik.
  • Ömür özüňe çenli geçilen we Haka çenli galan menzilleriň ölçegidir.
  • Kalbyň nirede bolsa, öýüň şol ýerdedir.
  • Ynsanlaryň arzuwlaryny ogurlamak kiselerine gireniňden hem beterdir.
  • Aýalyň parasatlylygy erkek adamyň akýürekliligini terbiýeleýär.
  • Özüni gowy tanaýan garşysyndakyny has gowy tanar.
  • Taryh üçin ýazylan zatlaryň hemmesi taryh däldir, emma unudylmaýan zatlaryň welin hemmesi taryhdyr.

Toplan Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com