TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY

 2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

 1. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

2. Hukuk işi (hünär: halkara hukugy).

3. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünär: halkara gatnaşyklary we diplomatiýa).

4. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary).

5. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: halkara žurnalistikasy).

1.Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugry: Halkara gatnaşyklary).

2. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: Halkara ykdysadyýeti).

3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda  bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12–25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ý

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:azylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 28-29-y, 30-y we 31-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 11-12-si, 13-i we 14-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 17-si we 18-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler we taýýarlygyň ugry: halkara gatnaşyklary we diplomatiýa; halkara gatnaşyklary; halkara hukugy – iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty;

hünär we taýýarlygyň ugry: halkara ykdysady gatnaşyklary; halkara ykdysadyýeti – iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

hünär we taýýarlygyň ugry: halkara žurnalistikasy; syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy – iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara  gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25;

Tel.: 22-68-50.

Web-saýt: www.iirmfa.edu.tm

 Elekton-poçta: iirmfatm@gmail.com