MODA, TREND, GÖZELLIK                                                         

Hormatly myhmanlar,              

Ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň Sergiler zalynda gurnalan ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sergisiniň çäklerinde,  2021-nji ýylyň 22-nji martynda sagat 12:00-da we 18:00-da ýurdumyzyň ökde dizaýnerleri tarapyndan taýýarlanylan milli we döwrebap lybaslaryň dabaraly görkezilişiniň geçirilýändigi barada size habar berýäris.

Moda görkezilişinde :

  • Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň lybaslary;
  • “Mähirli Zenan” modallar öýüniň “Mahmal ýürekli Mähirli Zenan” atly kolleksiýasyndan saýlama lybaslar;
  • “Gül Zaman” gül we moda merkeziniň milli lybaslary;

dabaraly ýagdaýda görkeziler.

Mähribanlar, Siziň ähliňizi bu ajaýyp gözellige syn etmäge we dabaranyň hormatly myhmany bolmaga çagyrýarys.