“Makul sözlük” Applikasiýasy täzelendi. Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär . Bu diýmek, körpelerimiz internet ulgamyna birikdirilmedik ýagdaýda hem iňlis dilini öwrenmäge mümkinçilikleri bar.

Siz indi täzelenen Applikasiýada Çagalar üçin ýörite taýýarlanan “Suratly sözlük” we “Oýunly sözlük” bölümlerini “offline” görnüşde hem ulanyp bilersiňiz.

Golaý wagtda  “Makul Sözlük Applikasiýasy” ýene-de täzelener we 700 sany durmuşda iň köp ulanylýan sözlemleri sesli we ýazmaça görnüşlerini özünde jemleýän “Makul Sözlem”, şeýle hem 700 sany nusga bilen iňlis dilinde sözlem düzmegiň aýratynlyklaryny gyzykly öwredýän “ Sözlemli oýun” bölümlerini hem “offline” görnüşde ulanmaga mümkinçilik dörediler.

Bu ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanmagy unutmaň. Zehinli we giň dünýägaraýyşly ýaş nesli ýetişdirmekde öz mynasyp goşandyňyzy goşuň.