Düýn «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli  modeller öýleriniň arasynda «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige “Mähirli Zenan”, Aşgabat şäheriniň modeller öýi, şeýle-de “Nurland” gatnaşdylar.Bäsleşik 3 ugur boýunça geçirildi:

“Baýramçylyk lybaslaryň kolleksiýasy”;

“Sport egin-eşikleri”;

“Gündelik geýilýän egin-eşikleriň kolleksiýasy”.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça 1-nji orna Aşgabat şäheriniň modeller öýi, 2-nji orna “Mähirli Zenan”, 3-nji orna bolsa, “Nurland” mynasyp boldular.

 

“Mähirli Zenan” hususy kärhana, Mähirli Zenan Modalar öýi, “Mähirli Zenan- ömre dowam”

“Mähirli Zenan” modalar öýi bu bäsleşige 3 ugur (nominasiýa) boýunça gatnaşdy.

…Ynha, Tirkiş Mätnazarowyň “Zenan diýmek dünýedir” aýdymy ýaňlanýar. Bu owazyň bar ýerinde “Mähirli Zenan” hem bar…

Lybaslardaky nagyşlaryny diýsene…gözüňi dokundyryp barýar. Bu neneň gözellik…Asyl türkmeniň milliliginiň bar ýerinde, ussatlaryň bar ýerinde, gözel gyzlaryň bar ýerinde kalbyňy tolgundyrýan gaýtalanmajak sungat eseri emele gelýär, duruberýär…

Nagyşlarynda türkmen milliliginiň ajaýyp nusgalary bar. Biz hem, bu gözellige maýyl bolup, deňi-taýy bolmadyk lybaslary döredýän “Mähirli Zenan” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Durdylyýewa Aýna Çarymuradownadan bu lybaslardaky sazlaşygy döredýän gözelligiň ussady  kim diýip soranymyzda, garaşylmadyk jogap aldyk. Seredip otursak, asyl bu ajaýyp lybaslaryň reňk sazlaşygynda, keşde gelişdirilişinde hut, Aýna Çarymuradownanyň pikirleri, ideýalary, söýgüsi bar eken. Işiňi, käriňi uly höwes bilen ýerine ýetireniňde, netijesi hem köpçülikde saýlanýar.

Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýäris.