Çagalary terbiýelemek babatda häzirki wagtda dünýä tejribesinde uly işler amala aşyrylýar. Çagalaryň dogry ösmegi kadaly iýmitlenmegi üçin ene-atalar yzygider alada edýäni bize mälimdir. Ýaňy ýakynda internet sahypalarynyň birinde üýtgeşik bir maglumata duş geldim. 

Daşary ýurt metbugatlarynyň biri bolan ,,Psychologies” žurnaly ene-atalar perzentleriniň terbiýesinde nämelere üns berilse, dogry boljaklygy hakynda belläp, 20 sany kadany düzgünleşdirdiler. Bu ýerde aýratyn belläp geçmeli gyzykly  zatlaryň biri bolsa, şol düzgünleşdirilen kadalaryň Amerikadaky mekdepleriň biriniň mekdebe çenli taýýarlaýyş synpynda okaýan bäş ýaşly okuwçy çagajygyň  ýazanlygyny  mälim etdiler…

  1. Meni artykmaç läliksiretmegiňiz hökman däl, her bir islegimi amala aşyrmaga mejbur däldigiňizi bilýän.
  2. Meň bilen açaçan gürleşmäge gorkmaň.
  3. Bolguzsyz  endiklere öwrenişmegime  ýol bermäň, soň olardan dynmagym kyn bolar.
  4.  Göýäki meniň pikirim hiç hili ähemiýete eýe däl ýaly,  duýmagyma mejburlamaň. 
  5. Başgalaryň ýanynda maňa käýemäň. Ýeke galanymda käýeseňiz siziň näme diýjek bolanyňyza çalt düşünerin. 
  6. Meni eden ýönekeý ýalňyşlarymy edil gorkunç jenaýat işini eden ýaly duýmagyma mejburlamaň.  
  7. Meniň  her gezek eden işlerimiň soňundan gorajak bolmaň. Her bir işiň soňunyň nähili bolýanyny özüm düşüneýin. 
  8. Maýda-çüýde goh galmagalyma üns bermäň, kämahal siz bilen ýöne gürleşesim gelýär. 
  9. Sizi ýaman görýänimi aýtsam gynanmaň, sizi ýaman göremok, diňe siziň hökmürowanlygyňyza garşylyk görkezýän. 
  10. Her bir zady ýüz gezek gaýtalabermäň, ýogsam  eşitmediksirän ýaly özümi alyp bararyn.
  11. Pikirlenip soň wada beriň. Eger beren sözüňizde tapylmasaňyz gaharym geler. 
  12. Nämäni duýýanlygymy häzirlikçe dolylygyna düşündirip bilmeýän ýaşdalygymy  ýatdan çykarmaň. 
  13. Gaharyňyz gelip durka menden hakykat talap etmäň. Gorkup durkam ýalan gürlemegim mümkin. 
  14. Soraglarymy jogapsyz goýmaň. Men barybir başga ýerden jogap gözlärin. 
  15. Meniň gorkymy ähmiýetsiz hasaplamaň. Eger gorkymy düşünmeseňiz öňkimdenem beterräk gorkaryn.
  16. Özüňizi ýalňyşmaýan ýaly edip görkezjek bolmaň. Eger ýalňyşanyňyzy düşünsem gaharym geler.
  17. Menden ötünç soramagy özüňize kiçilik bilmäň. Nähak  wagtyňyz ötünç sorasaňyz, men hem şeýle etmäni öwrenerin. 
  18.  Meniň çalt ulalýandygymy unutmaň.
  19. Her hili tejribeleri hem synaglary geçirmegime garşylyk görkezmäň. Olarsyz men kämilleşip bilmerin. 
  20.  We iň soňkysy- eger meni çynyňyz bilen gowy görmeseňiz çagalygymdan kämillige çenli bagtly ynsan bolup bilmerin. Muny aýtmasam hem özüňiz gowy bilýänsiňiz.  

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Gunça ORAZOWA,  

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.