Bugdaý – türkmen topragynyň bereketli hasyly, her ojagyň soltany! Türkmeniň giň ýaýlasynda ýetişýän ak bugdaýyň ysam başgaça, tagamam! Mele-myssyk bugdaý çöreginiň saçagymyzda bol bolmagy, guşgursak bugdaýdan hamrak enelerimiz, gelin-gyzlarymyz tarapyndan taýýarlanylýan türkmen tagamlaryny iýip, hözirini görmegiň özi-de döwletlilikden nyşandyr. Şeýle datly tagamlara tümmül, dänik, gowurga, ýarma degişli bolup, bu türkmen tagamlary milliligimizden söhbet açmak bilen birlikde, lezzeti ony dadyp görenleriň ýadyndan uzak wagtlap çykmaýar.

Dänik. Ýaňy bişip ýygnalan bugdaýdan taýýarlanýan datly tagam bolan dänigi taýynlamak üçin bugdaýyň 1 kilogramyny arassalap, ýuwup, gazana ataryp, içine 6-7 litr suw guýmaly. Suw gaýnandan soň, ýuwlup arassalanan bugdaýy gazana salyp, gerekli möçberde duz atmaly. Biraz salymdan ody pessaýladyp, gaýnatmagy dowam etdirmeli. Bugdaý çişip ýumşandan soň, süzüp alyp gaba guýmaly.

Tümmül. Sünbüle duran bugdaý däneleriniň süýdi gatamanka, ony közüň üstünde eýläk-beýläk öwrüp bişirmeli. Gyzaran bugdaý dänelerini sowandan soň, eliň aýasynda owkalap, galan harpyklaryny aýyrmaly. Köze bişen şeýle bugdaý däneleri hoştap ysy berýär.

Gowurga. Ýetişen bugdaýdan biraz alyp, gyzgyn gapda yzygider bulap gowurmaly, bişmänkä üstüne künji hem goşulýar. Gowrulýan däneler bilen garyşan künjiniň hoştap ysy töwerege ýaýraýar. Nahardan soň çaý başynda gowurga iýmegiň lezzeti has-da başgaça bolýar!

Ýarma. Harpykdan we beýleki galyndylardan sowrulyp arassalanan, soňra üwelen bugdaýdan ýarym kilogram alyp elekde elenýär, soňra gazanda böleklenen eti, sogany, käşiri ýagda gowurmaly. Gowrulandan soň üstüne biraz suw guýulýar, gaýnandan soň elekde elenen bugdaý ýarmasyny guýýarlar. Pessaý otda gazany yzygider bulap durýarlar. Bişenden soň saçaga äberilen ýarmanyň datly tagamy agzyňdan gitmeýär.

Türkmeniň bereketli topragynyň gymmatly hasyly bolan guşgursak bugdaýdan taýýarlanylýan şeýle tagamlar gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň lezzeti, saçaklarymyzyň bezegi bolup dahanlara lezzet paýlasyn!

Aýbibi Kutlyýewa,

Türkmen oba hojalyk insitutynyň mugallymy.