
«Digital Chat Station» -yň habar bermegine görä, «Xiaomi 12 Pro Max» 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda ulanyjylara hödürlener.
Häzirki wagtda «Xiaomi» kompaniýasy geçen ýylyň dekabrynda hödürlän 12 seriýasyny giňeltmegini dowam etdirýär. Tehnologiýa ägirdi beýleki modellerden tapawutlylykda, has uly ekrany bolan «Xiaomi 12 Pro Max» enjamynda işlär.
Kiçijik ekran söýüjileri özüne çekýän «Xiaomi 12» seriýasy has ussat ulanyjylar üçin öndürilen ýokary derejeli 12 Pro modelleri durmuşymyza getirer.
«Xiaomi 12 Pro Max»-yň aýratynlyklary nähili bolar?
Seriýanyň iň ýokarky modeli bolan «12 Pro»-nyň 6,73 dýuýmlyk ekrany bar. «Xiaomi 12 Pro Max»-yň ondan has uly ekran bilen hödürlenjekdigi aýdylýar. Ekranynyň ululygynyň näçe dýuým boljakdygy barada entek anyk maglumat ýok, ýöne 7 dýuýma ýa-da ondan hem köp bolmagy ähtimal. Kamera, prosessor, RAM we şuňa meňzeş tehniki aýratynlyklar barada hem doly maglumat ýok.
«TürkmenGazet».