Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiŽurnalistiň sahypasy

“Uçup barýan ak durna” goşgular ýygyndysyndan

Awtory: Gülşirin HANOWA.

EJEMIŇ GYZGYNJAK ELINDEN TUTUP…

Ejemiň gyzgynjak elinden tutup,
Duýman barýan ýoluň büdür-südürin.
Diýýän: «Eje, men seň akyl gyzyňmy?!»,
– «Hawa-la, tokarjam, hawa, küdürim!

Sen meň akyl gyzym, sen meň ýüregim,
Saňa bagly umytlarmyň wysaly.
Sen meň arzuwlarym, sen meň dilegim,
Dogduň durmuşymda Güneş mysaly.

Men görmesem, meni gören göz görer,
Pynhan arzuwlarmy gülledeniňi.
Men bolmaryn, kän-kän zatlar özgerer,
Bilersiň içimi hümledenimi.

Sebabi sen gyzym, kalbym parçasy,
Ejäniň halyna düşüner gyzy…».
Uçdy birden gül ömrümiň syrçasy,
Gözýaşa gömüldi ýatlamaň yzy.

Kän zatlar özgerdi, utulup, utup,
Bildim maňa mähriň galkandygyny.
Eje, bilen bolsam eliňden tutup,
Bilmezdim bu ýollaň çarkandagyny…

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com