Siziň üçin...

Üç günden gyş! Bulary bilýäňizmi?

Gyş pasly kimler üçin iň ýakymly pasyl bolsa, kimler üçin ýylyň iň erbet möwsümi. Bu her kimiň garaýşyna bagly. Käbir adamlar aýaz, mymyjak gar we gara bürenen landşafty halaýarlar, käbirleri bolsa gyşyň diňe sowugyny görýärler. Iň gyzykly ýeri bolsa, dünýä ilatynyň ýarymy diýen ýaly ömründe hiç wagt hakyky gary görmändir.

Gyş — biziň ýurdumyzda dekabr, ýanwar we fewral aýlarynda myhman bolsa, günorta ýarym şarda gyş iýun, iýul we awgust aýlarynda düşýär. Astronomik hasaplamalar boýunça gyş 21-nji dekabrdan 21-nji marta çenlidir.

Taryhda gyş hökümdarlaryň buýrugy bilenem gelipdir. Nädip diýýäňizmi? Fransiýa koroly Lýudowik XIV tomusda konkide typmak isläpdir. Hiç hili meselesiz Wersal köşgüniň töwereginde duz we şekerden taýýarlanan «gar» meýdançasy peýda bolupdyr.

Moskwada iň uly gar parçalary gyşda däl-de, ýazda ýagypdyr. Bu 1944-nji ýylyň 30-njy aprelinde bolupdyr. Birden ýagyp başlan garyň tozgalary düýeguşuň ýelegine meňzäp, adamyň egni ýaly uly eken.

Ýewropaly sosiologlar ilatyň arasynda geçirilen barlaglara görä, täsin netijä geldiler — gyşda doglanlaryň 100 ýaşa ýetmek mümkinçiligi beýlekileriňkiden 16% köp eken. Mundan başga-da, gyşda doglanlar berdaşly we sport söýüji bolýarlar.

Gar tozgalary adamyň barmak yzlary ýaly, biri-birinden tapawutlydyr. Köpýyllyk gözegçilikleriň dowamynda meňzeş tozga tapylmady.

Ynsanyň eline düşen iň uly gar tozgasynyň diametri 38 santimetre deň.

Gyşy halamaýan adamlar seýrek duşýar, emma ondan gorkýanlar hem bar. Olar sowuga çydamsyz bolup, gardan we hatda buzdan gorkýarlar. Psihologlar muny kionofobiýa diýip atlandyrýarlar.

Taýýarlan: TÜRKMENgazet.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu