NYRH KADASY

Gadym eýýamlarda bir patyşa awa-şikara çykypdyr, aw awlapdyr, guş guşlapdyr. Ýörüp-ýörüp ahyr giň ýaýlada düşlemeli bolupdyr. Goş-golamlaryny ýazdyryp, ýaňy ornaşypdyrlaram welin, serenjamçylaryň biri onuň gaşyna gelip, gol gowşuryp durupdyr. «Şahy-älem, bir katra  ganymyzy geçiň, saý-sebäp bilen duz torbamyz boşapdyr» diýip, ol boýun sunup, uzur geçip, aýdypdyr.

Patyşa  oňa iň ýyndam atlaryň birini bermegi, haýdan-haý golaý-goltumdaky obadan duz getirmäge ýollanmagy buýrupdyr. At eýerlenip, serenjamçy ýola  häzirlenipdirem welin, ony patyşa saklapdyr: «Herki zadyň nyrhynyň bolşy ýaly, duzuňam öz bahasy bardyr – diýip, ol ata atlanan ýigide tabşyrypdyr. – Duzy bahasyndan gymmat alaýmagyn”. Ýigit geň galypdyr: «Patyşahym, baýlygyňyz ýedi yklyma syganok welin, duza az-kem gymmadyrak tölänimde-de bolman durmaz-a».

Patyşa segreýän atyň üstündäki ýigide gaharly garapdyr. “Dünýede adalatsyzlyga sähel zat sebäp bolýandyr – diýip, ol delilli dillenipdir. –  Adalatsyzlygyň peltesine bu gün bir damja damsa, ertesi ikisi damýandyr. Ine, şuny bek bellegin”.

 

YHLASA – MYRAT

“Ýeke kişiniň işi deňizdäki bir damja suw ýalydyr” diýilýär. Arassa yhlas barada şeýleräjik bir tymsal bar. Bir adam deňze göwher daşyny gaçyrypdyr. Ýitigini tapmak üçin eline gap alypdyr-da, ol deňiz suwuny kenardan aňyrlygyna döküp başlapdyr. Deňzi boşadyp, gymmat bahaly daşyny tapjakdygyna, öz yhlasynyň wysala ýetjekdigine onuň synmaz ynamy bar ekeni. Ol irmän-arman ýedi gün işläpdir. Bu adamyň yhlasyny, garadan gaýtmaz hyjuwyny gören Deňziň ruhy göwher daşy jümmüşinden çykaryp, dessine gaýtaryp beripdir. Öz niýetiňden el çekmän, işe pugta ýapyşan ynsanyň elmydama yhlasy myrada ýetýär.

       

EM ETMEK TÄRI

Bir tanymal kişi lukmana ýüreginden tutýandygy barada habar ýollap, onuň bahymrak gelmegini sorapdyr. Alys ýoly pyýadalap geçen lukman gapydan giren badyna, bir sözem diýmän özüni kürsä atypdyr, gözlerini gaýym ýumupdyr. Öý eýesi düşeginden turup, onuň ýanyna ylgapdyr:

-Size näme bolýa?

-Alada düşmäweriň – diýip, lukman zordan dil ýarypdyr. – Görýän weli, ajalym golaýlady öýdýän, ýüregimden tutdy.

Öý eýesi onuň ahwalyny görüp, iki-baka ylgaşlapdyr, içmäge derman, bir bulgur suw getiripdir, esli wagt onuň daşynda perwaz urupdyr. Birneme wagtdan soň, lukman özüne gelip, gözlerini açypdyr.

-Meniň başgada barmaly ýerlerim bar – diýip, ol ýerinden galypdyr – Meň aklygymy berseňiz gowy bolardy.

-Muňa serediň-ä – diýip, öý eýesi ör-gökden gelipdir – Aklygy siz maňa bermeli, häliden bäri daşyňyzda ylgaşlap gezdim. Näsag sizmi, ýa menmi?

 -Men sizi bejerdim – diýip, lukman öz diýenine tutupdyr – Siziň ýürek agyryňyzyň bejergisi sizi düşekden galdyryp, ýöretmekdi ahyryn!

     

Taýýarlan: Ejegyz Saparowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby .