Mart aýynda Koreýa Respublikasynyň “Korea Foundation” we “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň gurnamagynda “Central Asian Spring festiwal – Nowruz in Seul 2021” atly festiwalynyň çäklerinde “Show me the Nowruz” atly fotosurat ýaryşy geçirildi.

Geçirilen ýaryşa dürli ýaşdaky dünýä döwletleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen okuwçy gyzlarynyň bu bäsleşige gatnaşyp, baýrakly oruna mynasyp bolmagy buýsandyryjydyr. Olardan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Işanmyradowa Tyllagözel özüniň “Ahalda bahar” atly suraty bilen 2-nji orna mynasyp boldy. Surat birnäçe ýyl mundan öň düşürilenine garamazdan, uly üstünlige eýe boldy. Okuwçy gyzymyza 1 000 000 won (koreýanyň pul birligi) pul sylagyny berdiler.

Giňişleýin okamak üçin:

https://ashgabat.in/2021/04/15/turkmenistanly-okuwcy-halkara-fotosurat-yarysynda-yeniji-boldy/