Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Žirinowskä duýgudaşlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy”  Wladimir Žirinowskä hat iberdi we onuň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi hem-de hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur duýgudaşlyk bilen kabul edendigini belledi.

Döwlet Baştutany hatynda: “Özüňize mahsus bolan ruhubelentlik we maksada okgunlylyk bilen, Siz häzirki döwürde bütin dünýäde görnükli syýasatçy hökmünde giňden tanalýarsyňyz. Bu häsiýetleriň Size ýarawsyzlygy gysga wagtda ýeňip geçmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn” diýip belledi hem-de ähli türkmen halkynyň adyndan tiz wagtda sagalmagyny we uzak ýyllary nazarlaýan berk jan saglygyny arzuw etdi.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu