Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň telekeçileriniň sergisinde boldy

14-04-2022 / 5044

13-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda sergä gatnaşýan hususyýetçilerimiziň diwarlyklary bilen içgin tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belledi we hususyýetçiligiň mundan beýläk-de höweslendirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçiligini mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, yhlasly zähmeti bilen milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan hususy işewürligiň wekillerine üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com