Çeşme: TDH.

11-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.

Häzirki döwürde öňdebaryjy maliýe institutlarynyň berýän bahalaryna görä, dünýä ykdysadyýeti diňe haýallyk bilen ösüş ýoluna düşýär. Dünýä ykdysady bazarlarynda durnuksyz ýagdaý dowam edýär diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şeýle hem ösen ykdysadyýetli ýurtlarda-da ösüş depgininiň az-kem peselýändigi duýulýar. Şeýlelikde, çylşyrymly daşarky geosyýasy şertler emele gelýär. Şol sanda nebitiň we gazyň nyrhlary durnukly peselýär. Bu bolsa serişdeleriň halkara bazarlarynyň ýagdaýyna we maýa  goýumlarynyň gelşine öz täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň söwda hyzmatdaşlary bolan döwletlerde hem ykdysady işjeňlik pese düşdi.

Ýokarda bellenip geçilen sebäplere garamazdan, ýurdumyzda makroykdysady ýagdaý durnukly bolmagynda galýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti kanagatlanma bilen belledi. Häzirki döwürde ýokary we durnukly ykdysady ösüş ýeterlik derejede üpjün edilýär. Bu ösüş şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça 5,9 göterime barabar boldy.

Önümlere daşarky islegiň peselýän şertlerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar. Içerki bazary özümizde öndürilýän önümleriň hasabyna doly üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürýän önümçilikleri höweslendirmek boýunça hem zerur işler geçirilýär.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda mundan beýläk hem ykdysady ösüşi gazanmak ugrunda degişli meselelere garaldy, anyk teklipler berildi.