Çeşme: TDH

5-nj martda Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

8-nji martda ýurdumyzda ajaýyp baýram — Halkara zenanlar güni dabaraly belleniler. Milli Lider bular barada aýtmak bilen, eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy bu nurana baýram bilen tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny we abadançylygyny arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiň dowamynda milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow käbir köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlaryny bermek barada hem karara gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutan Aşgabat şäherinden «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sylaglary we sowgatlary jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde gowşurmagy Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa, ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny bolsa Aşgabat şäher häkimliginde gowşurmagy şäheriň häkimine tabşyrdy. Milli Lider şeýle hem welaýatlarda sylaglary we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmagy welaýat häkimlerine tabşyrdy.