Türkmenistanyň Prezidenti HHR-niň ýolbaşçylaryny Bahar baýramy mynasybetli gutlady
22-01-2023 / 11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşuwa hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Täze ýyly — Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Bu baýram Aý senenamasy boýunça Täze ýyl baýramy bolmak bilen, tebigatyň janlanmagyny, täze başlangyçlary we mümkinçilikleri alamatlandyrýar. Kökleri taryhyň jümmüşine uzaýan bu baýram hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýär, maşgala agzybirligine, asuda we sazlaşykly ýaşaýşa ýardam berýär» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady we umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny aýratyn belledi.
«TürkmenGazet».