Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag hatyny ugratdy

Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenilýän günlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti foruma gatnaşyjylara Gutlag hatyny ugratdy.
Gutlagda: «Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilýän Parlamentara forum däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolar» diýlip bellenilýär.
«TürkmenGazet».