Düýn hormatly Prezidentimiz gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şu ýyl bellenilýän şöhratly senä — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ulanmaga berilýän täze, döwrebap binalar ýakynlaşyp gelýän ähmiýetli sene mynasybetli guralýan dabaralara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Dabaranyň myhmanlarynyň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary bar.

Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan “Arkadag” myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr.

14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir.

Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan hem-de durmuş we önümçilik maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşygyna gatnaşan “Bouygues Batiment International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň ýanynda bolup, binanyň gurluşygynda ulanylan täzeçil usullar, toplumyň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

“Ak öý” görnüşinde gurlan milli aşhana bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär.

Myhmanhanada adaty otaglar bilen bir hatarda, ýokary derejeli, has amatly otaglar bolup, olaryň bezeg aýratynlyklarynda nusgawy ýörelgeler häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyryldy. Munuň özi otaglaryň amatlylyk derejesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň göze gelüwliligini ýokarlandyrýar.

Myhmanhananyň 13-nji gatynda dynç almak we dabaraly çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredilen “Mekan” diýlip atlandyrylan restoran ýerleşýär. Özboluşly nusgawy görnüşli bezeg aýratynlyklary bolan restoranda myhmanlaryň gözel paýtagtymyzy hem-de Köpetdagyň ajaýyp gözelligini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar.

Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda birnäçe restoranlar we çaýhanalar bar. Şeýle hem internet kafe, ýüzüş howzy bolan SPA zolaklary, saunalar, kosmetika otaglary, çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary, myhmanhananyň üsti açyk çäklerinde sport meýdançalary myhmanlaryň hyzmatynda bolar.

Soňra hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň birinji gatyna düşdi we bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

…Soňra döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşýanlar myhmanhananyň öňündäki meýdança çykýarlar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti boldy.

“Türkmeni arşa göteren Arkadag, uzak ýaşa!”, “Köşgi-eýwan gutly bolsun, Arkadag!” we “Arkadag” atly aýdymlar bu ýerde guralan şowhunly çäräniň dabarasyny has-da belende göterdi.

Asylly däbe görä, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli guralan feýerwerk täze myhmanhananyň depesinde bu günki dabaralaryň hormatyna altyn öwüşginli agşamyň ajaýyp bezegine öwrüldi.

 

Çeşme: TDH