Çeşme: TDH
9-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi.

Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy I.Makarow ýokary depginde alnyp barylýan işler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň bu möhüm sport çäresini guramaçylykly geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Habar berlişine görä, ýaryşlara dünýäniň 186 ýurdunyň wekilleri gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzyň dünýäniň olimpiýa hereketini ösdürmäge hem-de sporty wagyz etmäge mynasyp goşandydygyny aýtdy. Milli Liderimiz dünýä derejesindäki iri ýaryşyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de Aziýanyň merjeni hasaplanylýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda geçirilýändiginiň çuňňur manysynyň bardygyny belledi.

Tags :