Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi

21-01-2023 / 5103

21-nji ýanwarda paýtagtymyzda geçirilen Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy giňden ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň jemleri boýunça Halk Maslahatynyň hukuk esaslaryny berkidýän degişli Kanun kabul edildi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara diýlip ykrar edildi.

Kanunda bellenilişi ýaly, döwrümiziň beýik Şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, halkyň Arkadagy, türkmen halkynyň Milli Lideri diýen belent derejesi kanun esasynda ykrar edilen hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde hemişelik agza bolup durýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

Halk Maslahatynyň işi mejlisler görnüşinde amala aşyrylar we onuň mejlisine agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, ol ygtyýarlydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlygyna görä, ýöne ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylýar.

«TürkmenGazet».


Fatal error: Uncaught Error: Call to undefined function ST4_single_hits2() in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php:508 Stack trace: #0 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php(692): tie_get_post_meta() #1 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-actions.php(260): tie_the_post_meta() #2 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(324): tie_post_extra_info_column() #3 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(348): WP_Hook->apply_filters() #4 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/plugin.php(517): WP_Hook->do_action() #5 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/templates/single-post/content.php(81): do_action() #6 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/classes/class-tielabs-helper.php(119): include('/var/www/vhosts...') #7 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/single.php(17): TIELABS_HELPER::get_template_part() #8 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/template-loader.php(106): include('/var/www/vhosts...') #9 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-blog-header.php(19): require_once('/var/www/vhosts...') #10 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/index.php(17): require('/var/www/vhosts...') #11 {main} thrown in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php on line 508
WordPress › Error

There has been a critical error on this website.

Learn more about troubleshooting WordPress.