Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Habarlar

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri türkmen telekeçileriniň işleri bilen tanyşdylar

5-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda iş maslahaty geçirildi. Köp sanly myhmanlaryň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, hususy işewürleriň gatnaşmagynda guralan çäre hususy önüm öndürijilerimiziň ýeten sepgitleriniň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Maslahatyň öň ýanynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilen ýeňil senagat, azyk, dokma, hojalyk önümleriniň sergisi guraldy. Myhmanlar türkmen ykdysadyýetiniň ösüşli ýollary, haryt öndürijileriň eksport mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyş boldular.

Iş maslahatyndan soň, myhmanlar gurluşygy dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýakynda açylan Aşgabat — Tejen böleginiň ugry bilen Babadaýhan dokma toplumyna bardylar. Günüň ahyrynda bolsa olar sebitiň iri «Aşgabat» köpugurly toplumyna baryp, toplumyň mümkinçilikleri, bu ýerde edilýän hyzmatlar bilen içgin gyzyklandylar.

TürkmenGazet.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu