Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi

19-03-2023 / 19

18-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu özboluşly ekologik çäre paýtagtymyzyň ilersinde, dag etegindäki ajaýyp künjekde geçirildi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl dürli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi şu gezekki ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.

Köpçülikleýin bag ekmek dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň çäginde hem ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda täze welaýat merkeziniň degişli künjekleriniň bag-bakjalyga beslenmegi bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com