Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanda galla oragyna girişildi

03-06-2022 / 5041

Şu gün 3-ji iýunda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we ýaşulularyň «Bismillasy» bilen ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna başlandy.

Şu ýyl Ahal welaýaty boýunça 195 müň gektarda bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdirilip, Watan harmanyna 400 müň tonna hasyl tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Lebap welaýatynda 130 müň gektar bugdaýdan 310 müň tonna bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär. Mary welaýatynda bolsa 170 müň gektarda bol hasyl ýetişdirilip, 345 müň tonna galla ýygnamak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglanyşykly geçirilen geňeş-maslahatlarda döredilen ýörite toparlaryň öz işlerine jogapkärli we guramaçylykly çemeleşmelidikleri, howpsuzlyk çäreleri hakynda-da gürrüň edildi.

Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa galla oragyna 10-njy iýunda başlanar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com