“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ösüşine uly goşant goşan, özüniň ussatlygy bilen her bir başlan işini ýokary derejä ýetirýän, zähmetsöýer, edep-ekramyň nusgasy bolan Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Täjiýewna Rüstemowa Watana bolan söýgüsi, köp ýyllaryň dowamynda gazanan iş tejribesi bilen türkmen ýaşlaryna uly görelde mekdebi bolup durýar. Ýurdumyzyň medeni we ylmy diplomatiýasynyň ösmegine uly goşant goşýan filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Täjiýewna Rüstemowa bilen taýýarlan söhbedimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik.

 

-Çynar Täjiýewna söhbetdeşligimiziň başynda diplomatiýa hünärine ilkinji basan ädimleriňiz barada gürrüň beräýseňiz!

-Diplomatik hünäri biziň ýurdumyzyň daşary syýasatyny bütin dünýäde ygtybarly ösdürmekde iň bir esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu hünär bilen meniň ilkinji tanyşlygym 1995-nji ýylyň ýanwar aýynda başlady. Döwletimiz tarapyndan  maňa bildirilen uly ynam esasynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasynda täze açylan ilçihanasynyň işine ýardam bermek hem-de şol ýerde Geňeşçi wezipesine bellenmek bilen öz işime başladym. Bu örän jogapkärçilikli ädimleriň biri boldy. Çünki, mende şol wagta çenli gönüden-göni daşary syýasy ugur boýunça tejribe ýokdy, emma, şol bir wagtyň özinde dürli hili hünärlerde birnäçe ýyllap hökümet işlerinde işläp, halkyň arasynda döwletimiziň alyp barýan syýasatyny wagyz etmek ýaly halk diplomatiýasy ugrunda birnäçe tejribe toplapdym. Bu toplanan tejribeler maňa Hindistan Respublikasynyň täze açylan ilçihanasyndaky diplomatik işime has ynamly başlamagyma uly itergi berdi.

-Diplomatik gullukda zähmet çeken döwletleriňiz barada hem gürrüň beräýseňiz!

 –Mälim bolşy ýaly, men Hindistan Respublikasynda 1995-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, 2012-nji ýylyň maý aýyna çenli işledim.  Hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany bilen Täjigistan Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendim. Bu döwlet bilen göni serhetdeş bolmasakda has ýakyn doganlyk döwlet hasaplanýar.  Ilçi wezipesini ýerine ýetirýän döwrümde türkmen-täjik gatnaşyklarynda ilkinji gezek türkmen dokmaçylyk ulgamynda öndürilýän ajaýyp önümlerini  mahabatlandyrýan uly sergi geçirdik. Bu sergi doganlyk halklarynyň taryhynda ymykly orun alyp, uly seslenmelere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň uly ynamy bilen Hytaý Halk Respublikasy, Mongoliýa, Demirgazyk Koreýa we Wýetnam Sosialistik Respublikasy ýaly dünýä döwletlerinde ýurdumyzyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işlemek örän uly buýsandyryjy ýagdaýlaryň biridir.

-Çynar Täjiýewna, häzirki döwürde zähmet çekýän ulgamyňyz bolan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary hem-de onuň Sekretariaty barada  gürrüň beräýseňiz!

-Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary döredildi. Bu toparyň ýörite Düzgünnamasynyň kabul edilmegi bilen bir hatarda onuň täze düzümi tassyklandy. Şuňa laýyklykda, bu gurama bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has işjeňleşdirmek maksady bilen Milli toparyň ýörite iş dolandyryjy edarasy hökmünde Sekretariatyň hem ýerine ýetirmeli wezipeleri tassyklandy. Hormatly Prezidentimiziň ynamy bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogäpkär Sekretary wezipesine saýlanmagym hem örän uly jogapkärçiligi talap edýär.

-Bilşimiz ýaly ÝUNESKO BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýar. Ýaňy ýakynda döredilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň öňünde durýan wezipeler barada hem durup geçäýseňiz!

-ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň  BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen dürli ugurly gatnaşyklary has giňeltmek, işjeňleşdirmek ýaly wezipeleri alyp barýar. Ýurdumyzyň dürli ministrlikleri,  guramalary we beýleki pudaklary bilen bilelikde Türkmenistanyň taryhy, tebigy ýadygärliklerini we gymmatlyklaryny goramak, dikeltmek bilen olary ÝUNESKO-nyň maddy hem-de maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak arkaly bütindünýä ýaýratmak ýaly işler Milli toparyň hem-de onyň Sekretariatynyň öňündäki ileri tutlulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Biziň esasy öňde goýan wezipelerimiz ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky at-abraýyny has hem berkitmek, şol bir wagtyň özinde ýurdumyzyň bilim, ylym, medeniýet hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan beýleki ugurlary boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleri  ÝUNESKO-nyň çäklerinde ösdürmekden ybaratdyr.

 –Çynar Täjiýewna, söhbetdeşligimiziň ahyrynda  siziň ýürek buýsançlaryňyzy hem eşidäýsek!

-Pursatdan peýdalanyp, türkmeniň gadymy medeniýetini, mirasyny, taryhy-tebigy baýlyklaryny goramakda, dikeltmekde, olary ÝUNESKO ýaly abraýly guramalaryň düzüm bölekleri arkaly bütindünýä ýaýyp, bütinadamzat genji-hazynasyna öwürmek babatda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize köp-köp sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň hem-de dünýä döwletleriniň, halklarynyň bähbidi üçin alyp barýan giň gerimli işleri elmydama rowaç alsyn!

 –Çynar Täjiýewna, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň!  Biz hem size Türkmenistan döwletimiziň medeni-mirasyny dünýä ýaýmakda alyp barýan tutymly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

 

Söhbetdeş bolan: Hatyja DÖWLETNAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň  II ýyl talyby.