Ýakynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokiýanyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly tegelek stol geçirildi.

Çäräni açmak bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň ýokary derejesi, syýasy gepleşikleriň işjeň häsiýeti barada belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine itergi beren döwlet derejesindäki saparlaryň ähmiýeti barada bellenip geçildi.

Öz gezeginde, Tokiýanyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rekrory professor K.Haýaşi iki uniwersitetiň arasyndaky uzakmöhletleýin we durnukly hyzmatdaşlygyň wajyplygy barada aýtdy. Duşuşugyň ahyrynda taraplar geljekde akademiki hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

*****

Ýakynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly brifing geçirildi.

Brifinge Ankarada işleýän Ilçihanalaryň wekilleri, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula, Türkmen-Türk işewürler geňeşiniň başlygy Halil Awjy, käbir türk kompaniýalaryň ýolbaşçylary, ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň bu döwürde gazanan syýasy, ykdysady, ylmy-medeni we beýleki birnäçe ugurlarda gazanylan üstünlikleri barada giňişleýin çykyş etdi.

Çärä onlaýn gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gyzgyn gutladylar hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylan uly özgertmeler we dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler barada bellediler. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýeti we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatda nygtadylar.