Ýakynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisihanasy  «Gruziýanyň höwesjeň we korporatiw sporty ösdürmek bileleşigi» bilen bilelikde her ýyl Türkmenistanda geçirilýän aýlyk köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çärelere, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan golf boýunça halkara ýaryşyny geçirildi.

Bu ýaryşa Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Gruziýanyň işewür toparlary, dürli ýurtlardan höwesjeň türgenler gatnaşdy. Ýaryşlar ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan şöhlelendirildi. Ýaryş başlamazdan ozal gatnaşyjylar golfyň Türkmenistanda örän meşhurdygyny, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň başlangyjy esasynda golf-klubunyň açylandygyny bellediler.

Türkmenistanda sportyň ýokary derejelere ýetmeginiň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösmeginiň, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giňişleýin çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň üns merkezinde durýandygyny bellediler. Ýaryşyň ahyrynda ýeňijilere baýrak gowşurylyş dabarasy boldy.

*****

Ýakynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda analitik makalalary ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijileri bolan Özbegistanyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň talyplaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

Çärä Uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ý. Mämmedow öz çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hakynda belläp geçdi. Şeýle-de türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda strategik derejä ýetendigi barada belledi.

Çäräniň çäklerinde ýeten sepgitlerimiziň, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň, türkmen halylarynyň we milli şaý-sepleriň sergisi gurnaldy. Oňa gatnaşyjylar Ilçihananyň muzeýine hem aýlanyp gördüler.

*****

Ýakynda Nur-Sultan şäherinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Gazagystanyň uly tennis boýunça federasiýasynyň respublikan jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp uly tennis boýunça sport çäresi geçirildi.  Ýaryşa Nur-Sultan şäherinde akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Ilçisi B.Rejepow gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň sport syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň türkmen türgenleriniň dünýä sportunda işjeňliginiň ýokarlanmagyna getirendigi, Türkmenistanda iri halkara ýaryşlaryň, şol sanda dünýä hem-de Aziýa çempionatlarynyň geçirilýändigi barada gatnaşyjylara gürrüň berdi.

Soňra gatnaşyjylar uly tennisiň inçe syrlary we ähli aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

*****

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hessen federal ýeriniň paýtagty bolan Wisbaden şäherinde hereket edýän awtobuslarda Türkmenistanda 2021-nji ýylyň şygary ýerleşdirilen ýazgylar, bannerler ýerleşdirilen. 

Bannerler ýerleşdirilen awtobuslar Germaniýanyň iň owadan şäherleriniň biri bolan Wisbaden şäherinde 2021-nji ýylyň aprel-maý aýlarynyň dowamynda hereket eder. Şeýlelik bilen, Wisbadeniň ýerli ýaşaýjylary we myhmanlary ýurdumyzyň şanly seneleri bilen habarly bolup bilerler.