Internetiň adama beren miwesi sanardan kän. Oturan ýeriňden dünýäniň ol ujunda bolup duran zady edil ýanyňda ýaly görüp bilmek diýermiň, özüňi gyzyklandyrýan zat hakda maglumat almak, gözellik hakda, saglyk hakda peýdaly masalahatlar diýermiň… garaz sanasaň sogaby kän. Şu zatlary pikir edeniňde «Internetiň döredilmegi bilen adamzat jemgyýeti juda uly utuş gazandy» diýeniňi duýman galýarsyň.

Ýurdumyzda sanly ulgam syýasatynyň berkarar edilmegi bilen, türkmen okyjylary hem bu utuşdan özleriniň paýlaryny almaga giňden mümkinçilik döredi.

Türkmen dilinde maglumatlary paýlaşýan websaýtlaryň açylmagy bilen türkmen okyjylary ähli maglumatlary öz ene dillerinde okap bilýärler.

Biziň täze açylan turkmengazet.com web sahypamyz hem ýurdumyzda gelin-gyzlaryň gyzyklanýan ähli temalaryna degişli maglumatlary özünde jemleýän websaýtlaryň ilkinjileriniň biridir.

Okyjylaryň isleginiň köpdürliligini göz öňünde tutup saýtymyzda Habarlar, Trend we Gözellik, Žurnalistiň sahypasy, Reportaž, Göwün küýsegi, Tagam taýýarlamak bölümleri hereket edip, diňe bir aýal-gyzlar üçin däl-de, ähli kişi üçin, dürli ýaşdaky okyjylara niýetlenen makalalar yzygiderli ýerleşdirilip durulýar.

Gadyrdan zenanlar, goý biziň döreden sahypamyz 8-nji mart — Halkara zenanlar gününe sowgadymyz bolsun! Baýramyňyz gutly bolsun!

Wagtyňyzy peýdaly geçirmek üçin, elmydama biziň bilen galyň!

 

Administrasiýa.

Tags :