26-njy fewral – 9-njy mart aralygynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde “NINGÝO: ýapon gurjaklarynyň sungaty we gözelligi” ady bilen sergi dowam edýär.

“Ningýo” ýapon dilinden terjime edilende, “gurjak” diýmegi aňladýar. Bu gadymy ýapon sungatydyr. Bu gurjaklaryň ilkinji görnüşleri 7-nji asyra degişlidir.

Irki döwürlerde bu gurjaklar tumar hökmünde ulanylypdyr. Ýerli halk bu gurjaklaryň dürli kesellerden goranmaga ýardam berýändigine ynanypdyrlar.

 

Tags :