Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSport

Türkmen türgenleri «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda ýene bäş medal gazandylar

05-08-2022 / 5055

Wladiwostokda 13 – 16 ýaşly türgenleriň arasynda dowam edýän VII «Aziýanyň çagalary» halkara tomusky sport oýunlarynda Türkmenistanyň topary bir altyn we dört bürünç medala eýe bolmak bilen, ýene bäş medal gazandy.

Altyn medala erkin usulda göreşýän pälwanymyz Umyt Kakalyýew mynasyp boldy. Aşgabadyň «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy bu üstünligi 57 kilograma çenli agram derejesinde 7 bäsdeşiň arasynda finalda Moskwanyň toparyndan Kalimulla Amirowy ýeňmek bilen gazandy. Ilkinji üçlügiň soňky pälwany özbegistanly Farruhbek Jumanazarow boldy.

Ildeşlerimizde göreşiň bu görnüşi boýunça ýene üç bürünç medal bar.

8 pälwanyň baýrak ugrunda bäsleşen 38 kilograma çenli agram toparynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Söhbet Naryýew bürünç medala mynasyp boldy. Özbegistanly Şohruh Ýakubowyň ýeňiji bolan, Russiýanyň Ural Federal etrabyndan Dinislam Gusewowyň kümüş medal gazanan bu agram toparynda ýene bir bürünç medalçynyň kesgitlenendigi bellärliklidir. Ol Saha respublikasyndan (Ýakutystan) Erhan Kuliçkindi.

Ýöne oglanlar üçin 62 kg, gyzlar üçin 50 kg çenli toparlarda degişlilikde 8 we 7 türgen medal ugrunda göreşip, olaryň hersinden bir türgen üçünji orny eýeledi. 62 kilograma çenli agramda özbegistanly Donier Ibragimow Oýunlaryň çempiony boldy, moskwaly Yslam Magomedow bolsa kümüş medal gazandy. Bürünç medaly Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 38-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Mekan Hudaýberenow eýeledi. 52 kilograma çenli agramda bolsa ilkinji iki orny degişlilikde Russiýanyň Sibir federal okrugyndan Margarita Ýarygina we özbegistanly Husniobod Soltannazirowa aldy, bürünç medaly Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Selbi Zahirowa gazandy.

«Aziýanyň çagalary» oýunlarynda Türkmenistanyň topary üçin ikinji bürünç medaly ýeňil atletikaçy Sabina Kasymjanowa gazandy. 1500 metr aralyga ylgamakda Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Sabina Kasymjanowa özbegistanly Dilnoza Hoşimowadan (4 minut 48,91 sekunt) we Maftuna Ahmedowadan (4 minut 36,80 sekunt) soň gelip (4 minut 57.41 sekunt), üçünji boldy.

«TürkmenGazet».


Fatal error: Uncaught Error: Call to undefined function ST4_single_hits2() in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php:508 Stack trace: #0 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php(692): tie_get_post_meta() #1 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-actions.php(260): tie_the_post_meta() #2 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(324): tie_post_extra_info_column() #3 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(348): WP_Hook->apply_filters() #4 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/plugin.php(517): WP_Hook->do_action() #5 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/templates/single-post/content.php(81): do_action() #6 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/classes/class-tielabs-helper.php(119): include('/var/www/vhosts...') #7 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/single.php(17): TIELABS_HELPER::get_template_part() #8 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/template-loader.php(106): include('/var/www/vhosts...') #9 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-blog-header.php(19): require_once('/var/www/vhosts...') #10 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/index.php(17): require('/var/www/vhosts...') #11 {main} thrown in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php on line 508
WordPress › Error

There has been a critical error on this website.

Learn more about troubleshooting WordPress.