Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi

20-01-2023 / 34

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi.

Geçirilen bu işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň dolandyryş gullugyndan, Döwlet Dumasyndan, ýurduň sebitlerinden we kompaniýalaryndan düzülen ýörite topar ýurdumyza geldi. Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelendigini hem aýratyn bellemek zerurdyr. Bu maslahat Türkmenistan bilen Russiýanyň işewür toparlarynyň we guramalarynyň arasynda söwda-ykdysady hem-de senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen geçirildi.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şunda söwda, ykdysady, ulag, senagat, energetika, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berler.
Maslahatyň çäginde iki ýurduñ işewürleriniñ gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür geňeşleriniň bilelikdäki we telekeçileriň pudaklaýyn ýygnaklary boldy. Iki dostlukly ýurduň işewür wekilleri özara hyzmatdaşlyk gepleşiklerini dowam etdirip, bilim we ulag-logistika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky transport, logistika, senagat, bilim we beýleki ugurlary boýunça rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň mowzuklaryna bagyşlandy.
2010-njy ýyldan bäri Russiýada «Türkmenistanyň söwda öýüniň» işleýändigi hem ählimize mälimdir. Onuň wezipeleri diňe bir hemişelik demonstrasiýa we söwda meýdançasyny guramak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak boýunça rus kärhanalaryna maslahat hyzmatlaryny bermekden ybaratdyr.

Atajan HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com