Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Türkmen müçenamasy

17-03-2023 / 56

Döwrümizde ulanylýan aý-gün hasaplarynyň özüne ýetik hikmeti bar. Ýogsam, dünýä halklarynyň arasynda häzirki zamanda birnäçe aý, gün we ýyldyz hasaplary ýörgünli bolmagynda galýar.

Türkmenler  tebigat bilen jebis baglanyşykda ýaşan halk. Taryhymyzdan milli müçenamalar, dürli döwürlerde döredilen we asyrlar boýy ýöredilen kalendarlar hakda gyzykly maglumatlary tapyp bolýar. Diňe şol ýazgylara esaslanybam, ejdatlarymyzyň ylmyň dürli ugurlaryndan baş çykarandygyny kesgitläp bilýäris. Çünki, müçenamalar we kalendarlar ýöne  ýüze çykýan zat däldir. Tebigatyň her pasylda, dürli möwsümde  özgerip durmagy, Gün we Aý şöhlesiniň käteler bolluk bilen, käteler egsilip düşmegi, ekerançylyga ýaramly wagtlary kesgitlemeklik… bularyň ählisi ummasyz ylmy goruň bolmagyny talap edýär. Dünýädäki iň takyk aý-gün hasaplarynyň hem şu illerden çykandygyny göz öňüne tutmalydyrys. Her aýyň, her günüň özboluşly häsiýeti bar. Şeýle aýratynlyk bir müçäniň hasaby bolan on iki ýylyň her birine-de mahsusdyr. Häzirki wagtda dünýä halklarynyň arasynda giňden ýaýran, kähalatda Gündogar müçenamasy diýlip atlandyrylýan 12 ýyllyk hasap, taryhy eserlerde “türkmen müçenamasy” diýlip atlandyrylýar.

Türkmenler her ýyldan bir zada garaşýarlar. Haýsy ýyla haýsy haýwanyň ady dakylan bolsa, şol haýwana mahsus häsiýetler şol ýylda kän ýüze çykýarmyş. “Türkmenler bu ýyllaryň her birinde bir hikmetiň bardygyna uýup, şona görä  pal atýarlar, yrym edýärler. Sähetli hasaplaýarlar. Gepiň gerdişine görä, aýtsak, luw ýylynda ýagyş köp ýagýarmyş, bolçulyk bolýarmyş, sebäbi luw suwda ýaşaýar. Doňuz ýyly girende, gar köp ýagyp, sowuk bolýar… Şeýdip, türkmenler her ýyldan bir zada garaşýarlar” diýip, taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz ýyllaryň hal-ýagdaýyny öňünden kesgitläp, oňa mynasyp taýýarlyk görüpdirler.   Türkmen müçenamalarynyň beýleki halklaryňkydan tapawutly tarapy, ol gönüden-göni hakyky tebigat bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem, müçenamadaky haýwanlaryň ählisi türkmen tebigatynda bar haýwanlar. On iki ýyllyk möwsümden soň, ýene-de şol haýwanlara mahsus ýagdaýyň gaýtalanmagy, indiki ýylky hasylyň neneňsi boljakdygyny, ýazy  nähili garşylap, gyşy neneňsi geçirmelidigini öňünden kesgitlemäge mümkinçilik döredipdir. Bu müçenamalaryň hakyky durmuşa şeýle ýakyndygy üçin, olara bolan ynam hiç wagt gowşamaýar. Olaryň ulanylyşy barha ýörgünli bolýar.

Humaý AKMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com