Habarlar

Türkmen lukmanlary üçin 225 müň dollarlyk şahsy gorag serişdeleri getirildi

Şu hepdede ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi  üçin şahsy gorag serişdelerini getirdi. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 225 000 dollaryna  barabardyr. Olar kombinzondan, örtüklerden, gorag nikaplaryndan, ýektaýlardan, elliklerdir gorag äýneklerinden ybaratdyr. Bu serişdeler ýiti ýokanç kesellerine garşy durmagy üpjün etmegiň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge dowam edýän goldawyň çäklerinde berildi. — COVID-19 pandemiýasynyň tutuş dünýäde dowam edýänligi sebäpli şahsy gorag serişdeleri keselleriň öňüni almagyň we olara garşy durmagyň möhüm bölegidir. Biz lukmanlaryň saglygyna jogapkärdiris — diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýtdy.

TürkmenGazet.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu