
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň giň okalgasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy we kitaphananyň kömegi bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guran Kitap festiwaly geçirildi. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.
Bu ýerde “Turkmen – Amerikan book festival” we “Türkmen – amerikan kitap festiwaly” ýazgylaryny çar ýanda görmek bolýar. Festiwala gelenleriň her birine lotereýa bileti berildi. Oňa kitaphana yzygiderli gatnaýanlardan başga-da, Aşgabatdaky Amerikan tomus mekdebiniň okuwçylary we olaryň ene-atalary, şeýle hem internetde berlen bildiriş boýunça gelen ýaşlar gatnaşdy.
Festiwalyň myhmanlaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mättýu Klimou mähirli garşy aldy. Ol gutlag sözünde gelenleri bu çäre üçin taýýarlanan nyşan bilen tanyşdyrdy: türkmen halysynyň elementlerinden “30” belgisi ýasalypdyr, onuň töwereginde bolsa türkmen, iňlis we rus dillerinde: “Bilelikde has güýçli” şygary ýer alypdyr. Özi-de, bu nyşan Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Döwlet baýdaklarynyň reňkinde taýýarlanypdyr. Ilçihananyň işgärleri amerikan ýazyjylarynyň 10-dan gowrak kitabyny türkmen diline terjime edipdirler. Kitaplaryň aglabasy diňe bir amerikan däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlaryndaky çagalaryň söýgüsini gazanan edebiýatdyr. Olaryň arasynda Mark Tweniň dünýäde meşhur “Tom Soýeriň başdan geçirenleri” romany-da bar.
Festiwalyň myhmanlary okalganyň stollarynda goýlan edebi eserler bilen tanyşdylar. Her gelene her stoldan bir kitap alyp gitmäge rugsat edildi.
Festiwal lotereýa oýny bilen tamamlandy, onda gelenleriň käbirine baýrak utmak bagty miýesser etdi. “Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda 30 ýyllyk diplomatik gatnaşyk” nyşanly uly plastik torbada näme bardygyny çaklamak kyn däldi. Elbetde, kitap!
«TürkmenGazet».