Aýdym-saz älemi, megerem, her bir ynsanyň gamlanan, şatlanan, ýa-da ruhy teselli gözlän wagty hakyky duýgudaş bolýan syrly we jadyly älemdir. Bu älemi eýýäm birnäçe ýyllardan bäri özüniň ajaýyp döredijiligi, zehini bilen has-da gözelleşdirýän, 2020-nji ýylda “Ýylyň Parlak ýyldyzy” adyna eýe bolan Leýli Ökdirowany bolsa, megerem, tanamaýanyňyz ýok bolsa gerek. Leýli çagalykdan aýdym-saza baş goşup, häzirki wagtda ýurdumyzyň operaçy ýaş zehinli aýdymçylarynyň biridir. Biz hem, saýtymyzyň şu sahypasynda, ýörite siz üçin taýýarlan Leýli Ökdirowa bilen söhbetdeşligimizi hödürleýäris.

-Leýli, ilki bilen saýtymyzyň çakylygyny kabul edip, söhbetdeşligi geçirmäge mümkinçilik berendigiňiz üçin köp sag boluň!

Söhbetdeşligimiziň başynda ilkinji gezek tomaşaçylaryň öňüne sahna çykyşyňyz barada aýdyp beräýseňiz.

-Sag boluň! Aslynda, aýdym-saz, döredijilik äleminde at edinmek üçin hemişe-de özüňi kämilleşdirmegiň gözleginde bolmaly. Men hem çagalygymdan bu ugurda diýseň köp zähmet çekdim. Meniň ilkinji gezek tomaşaçylaryň öňünde sahnada çykyş etmegim 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň wezipesine girişmek dabarasynda bolupdy. Şol wagt ýokary sesli okuwçy gerek bolup, konsertde, uly sahnada çykyş etmek meniň bagt bijäme düşdi. Meni birnäçe okuwçylaryň arasyndan saýlapdylar. Bu bolsa meniň ilkinji gezek uly sahna çykmagym, şol sanda aýdym-saz äleminde zehinli aýdymçy hökmünde tanalyp başlanmagym bolupdy.

-Leýli, ilkinji gazanan üstünligiňiz barada hem aýdyp beräýseňiz.

-2009-njy ýylda Ukrainanyň Lwow şäherinde opera aýdymçysy Solomiýa Kruşelniçkaýa adyndaky bäsleşikde üstünlikli çykyş etmegim meniň ilkinji gazanan üstünligimdir. Şeýle-de 2016-njy ýylda “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginde eziz Arkadagymyzyň serpaýyna mynasyp bolmagym meniň durmuşymda ýatdan çykmajak iň uly üstünliklerimiň biridir.

-Elbetde biz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe – zehiniňe adalatly we mynasyp baha berilýän döwürde ýaşaýarys. Siz şu ýerde özüňiziň ýatdan çykmajak şatlykly günleriňiz dogrusynda hem gürrüň beräýseňiz.

-Hawa, irginsiz zähmet çekseň, hemişe döredijiligiň, täzeçilligiň we kämilleşmegiň gözleginde bolsaň, biziň ýurdumyzda zehinleri höweslendirmek üçin ähli şertler döredilen. Meniň durmuşymda iň ýatdan çykmajak pursatym bolsa, 2020-nji ýylyň “Parlak ýyldyzy” diýen beýik ada eýe bolmagymdyr. Şeýle abraýly hem beýik derejäni maňa ynanylany üçin, eziz Arkadagymyza, halkymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Maňa bolan beýik ynamy ödemek üçin bolsa, mundan beýläk-de ähli zerur işleri amala aşyrjakdygyma ynandyrýaryn.

-Köplenç, her bir sungat işgäriniň öz hakyky, ýa bolmasa-da gaýybana halypasy bolýar. Siz öz halypaňyz barada näme aýdyp bilersiňiz?

-Meniň halypam Türkmenistanyň halk artisti Roza Turaýewadyr. Ol maňa aýdym-saz äleminiň ummasyz syrlaryny açyp görkezýärdi. Opera sungatynyň ähli ýollaryny içgin öwredipdi. Her bir sazyň, her bir aýdymyň aýratyn manysyny düşündirýärdi. Köplenç hem, saz sungatyna degişli kitaplary salgy berip, olaryň üsti bilen eserleriň awtorlaryny tanyşdyrýardy. Roza Turaýewa maňa daşary ýurt ariýalaryny, romanslaryny öwredýärdi. Olary nädip dogry ýerine ýetirmegiň inçe syrlaryny salgy berýärdi. Umuman, döredijilikde kämilleşmegimde uly işleri bitiren Türkmenistanyň halk artisti Roza Turaýewa men hemişe-de minnetdar.

-Leýli, muşdaklaryňyz hökmünde, saýtymyzyň okyjylaryna käbir meseleler barada siziň pikiriňizi bilmek gyzyklydyr diýýäris. Şonuň üçin-de, eger garşy bolmasaňyz, käbir durmuşy meseleler babatdaky berjek sowallarymyza jogap beräýseňiz.

-Baş üstüne!

-Bagt diýip nämä düşünýärsiňiz?

-Bagt – bu ene-atalaryň janynyň sag bolmagy, olaryň güler ýüzleriniň hiç wagt solmazlygy, çagalaryň gülküsi we söýýän kärim diýip düşünýärin.

-Siz öz ýanyňyzda nähili häsiýetdäki adamlaryň bolmagyny islärdiňiz?

-Wepaly, ak ýürekli we ýalan sözlemeýän adamlary ýanymda göresim gelýär.

-Kärdeşleriňiziň arasynda haýsy biri bilen işleşmek siziň üçin has ýeňil we gyzykly?

-Döredijilik äleminde, aýdym-saz sungatynda diýseň zehinli we täsirli adamlar zähmet çekýär. Olaryň ählisem öz ýerinde ussat, hersiniň öz aýratynlygy bar. Hut şol sebäpli, olaryň ählisi bilen-de işleşmek örän gyzykly hem peýdaly.

-Leýli, halkyň söýgüsini gazanmak, üstünliklere ýetmek üçin nämelere üns çekmek gerek?

-Ilki bilen öz saýlan ugruňy, käriňi çyn ýürekden söýmeli. Şol saýlan ugruňy kämilleşdirmegiň ugrunda irginsiz zähmet çekmeli, köp işlemeli. Çynyň bilen ýapyşyp, tutuş durkuň bilen halka hyzmat etmeli.

-Sag boluň Leýli, beren gyzykly gürrüňleriňiz, paýlaşan pikirleriňiz we gymmatly maslahatlaryňyz üçin. Size ýene-de bir gezek saýtymyzyň çakylygyna jogap edip, gyzykly we täsirli söhbetdeşlik geçirmäge mümkinçilik berendigiňiz üçin saýtymyzyň döredilijik toparynyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys! Mundan beýläk-de işiňiziň ugruna bolmagyny, Arkadagymyzyň şa serpaýlaryna, halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmagyňyzy arzuwlaýarys!

  • Sag boluň, size-de okuwyňyzda we işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

 

Söhbetdeş bolan: Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.