Trend –bu islendik zadyñ wagtlaýyn  meşhur bolmagy, wajyplygy, döwrebaplygy.

Alymlaryñ we  analitikleriñ  aýtmagyna  görä,  trendde bolmak üçin elmydama döwrebaplyk, täzeçillik, möhümlik, zerurlyk gerek.

Mälim bolşy ýaly, egin-eşikleriñ hem öz trendy bar. Harytlaryñ  trendy  her  ýyla görä  üýtgäp  durýar. Mysal üçin:

  • 2001- nji ýylda  Jimmy Choo aýallaryñ aýakgaby trendde boldy.
  • 2002- nji ýylda Diane von Furstenberg  aýallaryñ  köýnegi has meşhurdy.
  • 2007-nji ýylda  jinsy egin-eşikleri has tanymal boldy.
  • 2013-nji ýylda Bembi atly multfilm has meşhurlyga eýe boldy.
  • 2018-nji  ýylda  hakyky deriden dikilen Gucci bil bagy meşhurlyga eýe boldy.
  • 2020-nji yylda  Botlega Venta  horjuny  tanymal boldy.

 

P.S: Häzirki  wagtda  saglygyñy gorap  saklamak  esasy  trend.

2021- nji ýylda  pandemiýa  bilen baglylykda, adam saglygyny gorap saklamak  esasy aktual  mesele bolup durýar.  Peýdaly  iýmitlenmek, sport  bilen  meşgullanmak, saglygyña  gözegçilik etmek, fiziki-psihiki  taýdan  özüñi  gowy  duýmak, dynç almak…

Howa  şertleriniñ  üýtgäp durmagy,  sowuklama  keseliniñ  ýüze  çykmagyna getirýär. Pasyl çalşygynda  dürli witaminli gök önümlerinden  iýmitlenmek  maslahat berilýär. Bu bolsa  dürli  kesellerden  goraýar  we  adam bedenini berkleşdirýär.  Geliň, saglygymyzy  gorap  saklalyñ! Biziñ baş baýlygymyz  saglykdyr!

 

Merjen Kadyrowa,

Lebap welaýat telewideniýesi.