Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


HabarlarSport

Tokio-2020: koreýaly ýaý atyjy ilkinji olimpiýa rekordyny goýdy

Tokioda (Ýaponiýa) geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda zenanlaryň arasynda ýaýdan ok atmak boýunça deslapky ýaryş tamamlandy. Saýlama tapgyrynda Günorta Koreýanyň wekili San An iň gowy netijäni görkezip, täze olimpiýa rekordyny goýdy (680 utuk).
Öňki rekord 1996-njy ýylda ukrainaly Lina Gerasimenko tarapyndan goýlupdy (673 utuk). Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, San Anyň watandaşlary Minhee Çan (677) we Çhe-ýon Kan (675) eýeledi diýip, championat.com habar berýär.

Russiýaly Kseniýa Perowa sekizinji (664), Ýelena Osipowa 22-nji (651), Swetlana Gomboýewa 45-nji (630) boldy.
Ýaryşlaryň saýlama tapgyrynda topar hasabynda Russiýanyň milli ýygyndysy altynjy orny eýeledi (1945). Birinji orun bolsa olimpiýa rekordy bilen Günorta Koreýanyň milli ýygyndysyna degişli boldy (2032).

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com