Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Slider

TikTok Instagramyň täze funksiýasyny göçürdi

Hytaýyň TikTok wideoplatformasy pully abunalary synagdan geçirmäge başlandygyny habar berdi.

Aýdylyşy ýaly, kompaniýa platformada kontenti monetizasiýa etmek üçin taslamalaryň üstünde iş alyp barýar, emma bu funksiýanyň mümkinçilikleri barada doly maglumatlar berilmändir.

— TikTok platformasynyň peýdalanyjylaryna öz kontentine abuna bolmak üçin töleg almagyna rugsat bermek funksiýasyny synap görýäris — diýip, kompaniýanyň wekili aýtdy.

Aýtmak gerek, bu synagyň nähili geçiriljekdigi ýa-da pully abunalaryň nädip amala aşyryljakdygy hakda doly maglumat berilmedi. Şeýle-de, TikTok bu funksiýany haçan işe girizjekdigini hem mälim etmedi.

Ýatladyp geçeliň, öňräk Instagram sosial tory bloggerleriň öz kontentini ýene-de netijeli monetizasiýa etmek üçin pully abunalary döretmek mümkinçiligini hödürleýändigi habar berlipdi.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu