Tehnologiýanyň gündelik durmuşumyza aralaşmadyk döwründe, adamlary her gün irden şol bir wagtyň özünde oýarýan, çyralary ýakýan, öçürýän we şeýle işlerden pul gazanýan adamlar bardy.

Geljekki nesilleriň hünärlerine howp salýan tehnologiýa, geçmişde köp hünärleri aradan aýyrmak bilen, elektron enjamlary, emeli intellekt we robotlar birwagtlar birkemsiz işleýän adamlaryň ornuny tutmaga başlapdy. Eýsem, tehnoligiýanyň adamzadyň elinden alan hünärleri haýsylar?

Budilnikden has öň: Ukydan oýaryjylar

Budilnik diýilýän zat ulanyşa girmezinden ozal her gün irden şol bir wagtyň özünde nädip oýanyp bildilerkä?

1920 – 1970 ýyllar aralygynda esasanam Angliýa we Irlandiýa ýaly döwletlerinde her gün irden şol bir wagtyň özünde töwereklerde aýlanyp diňe pul tölän adamlary ukydan oýarýan işçiler bardy.

Bil Geýtsden öň olar bardy: Kompýuter adamlar

Adamyň kompýuterdäki iş beýanynda matematiki amallary, kompaniýanyň hasabaty we ýüzlerçe boş sahypada birnäçe hepde dowam eden interwal ýazgylary ýaly meseleler bardy. XX-nji asyryň ortalarynda kompýuterleriň we hasaplaýjy gurallaryň giňden ulanylmagy bilen bu kärler özleriniň hümmetini ýitirdi.

Lift hyzmatçylary

Häzirki wagtda her binada diýen ýaly bar bolan liftler geçmişde diňe kaşaň binalarda görmek mümkindi. Gitmek isleýän gatymyzy bir düwme bilen sekuntda saýlap bilsek-de, geçmişde  bu işi ýerine ýetirýän adamlar bardy.

 

Bank işgärleri (kassir) (1797)

Bank işgärleriniň häzirki günlerde hem işleýändigini bilýäris, emma iş ýükleriniň köpüsi bankomatlara (ATM) bagly bolup durýar, bu bolsa kassirleriň jogapkärçiligini belli bir derejede peselmegine kömek etdi.

Bankomatlary ulanmazdan öň, hasabyňy bilmek, hasaby yzyna almak, goýum, pul geçirmek we karzy tölemek ýaly amallar diňe banklardaky kassa stollary arkaly amala aşyrylýardy.

Zawodyň işgärleriniň işlerini ellerinden alan robotlar

Bilşimiz ýaly, senagat rewolýusiýasyndan soň zawodlar önümçilik zynjyrynyň iň uly bölegine öwrülen işçiler bilen doldurulypdy. Zawodyň işgärleri öz işlerini uzak wagtlap dowam etdirdiler.Emma, muňa garamazdan, tehnologiýa bilen ösen robotlar adam güýjüniň ornuny tutdy we ýene-de tutmagyny dowam edýär.

Merjen ÝAZLYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby,