
Apple
Dünýä belli bu markanyň ady ony esaslandyryjy Stiw Jobsuň iň gowy görýän miwesiniň alma bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Eger 5 sagadyň dowamynda has gowy at teklip edilmese, S.Jobs “apple” adyny goýjakdygyny kärdeşlerine beýan edipdir. Netijede “Apple” adyny alypdyr.
Cisco
Meşhur markanyň ady köpümiziň pikir edişimiz ýaly gysgaltma däl-de ABŞ-nyň San-Fransisko ştatynyň soňky bogunlaryndan gelip çykan.
Compaq
Bu söz kompýuter sözüniň ilkinji bognundan we kompýuter üçin niýetlenen kiçi gurluş bolan PAQ diýen sözlerden emele gelen.
Bu söz 1-den soň ýüz sany nol bar diýmekdir.
Corel
Bu markanyň ady kompaniýany esaslandyryjy Maýkl Koplandyň adynyň ilkinji bogunlaryndan gelip çykan.
Hotmail
Poçta hyzmatyny esaslandyryjy Jek Smit her dürli atlary syap gördi we netijede “HTML” harplaryny – programma koduny öz içine alýan Hotmail adyny berdi.
Intel
Kompaniýany esaslandyryjylar B.Noýs we G.Mur ilkibaşda adyna “Mur Noyce” dakmak isläpdirler, ýöne soňundan beýle adyň myhmanhana zynjyrynyň söwda belligi bolandygy sebäpli, kompaniýanyň adyna içerki elektronika” diýmegi aňladýan “intel” adyny dakypdyrlar.
Motorola
Ony esaslandyryjy P.Galwin awtoulag radiolaryny öndürip başlanda bu ady tapypdyr. Çünki şol döwürde meşhur bolan radio “Victorola” diýilýän eken.
Sony
Meşhur markanyň ady ses diýmegi aňladýan “Sonus” diýen laty sözünden emele gelipdir.
Yahoo!
Bu söz ilkinji gezek J.Swift tarapyndan “Guliweriň syýahaty” atly kitabynda ulanylypdyr. Ol “yza galan” diýen manyny bermek bilen, geň galdyryjy ýeri ony esaslandyryjylar şu ady saýlapdyrlar.
Microsoft
Ýer ýüzünde giňden tanalýan meşhur markany esaslandyryjy, şeýle dünýäniň milliarderleriniň biri bolan Bill Geýts ilkibaşda “Micro-Soft” (mikro programma) atlandyrmak bilen, soňabaka kese çyzyk belgisi aýrylypdyr.
Aýşat ALLABERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.