Türkmene tebigatyň eçilen ajaýyplyklary – tebigat gözellikleri hem-de medeni ýadygärlikleri sanardan köp. Aslyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli ýadygärliklerimiz wagt geçdigi saýyn, barha uly ähmiýete eýe bolýar. Öz täsinlikleri bilen türkmen tebigatyny bezeýän tebigy ýadygärlikleriň biri hem Köýtendagynda ýerleşýär. Oňa ol ýerde ýaşaýanlar  Gaýnar Baba  ýa – da Gaýnar Ata hem diýýärler. Bu ýeriň özboluşly bir aýratyn täsinligi bar. Ol aç – açan göze görnüp dur. Ýeriň jümmüşinden, gara daşlaryň arasyndan çogup çykýan jana şypaly suw, gara toýunsow toprak we päkize howasyndan ybarat. Ruhuňy götereýin diýseň, gudratly çeşmä eňegiňi bas – da gözellikden gana – gana iç.

… Mundan başga-da bu ýere gelýän adamlar ol ýeriň gudratyna ynanyp, ondan medet dileýärler hem-de ol ýerde ýatan keramatly adamlaryň guburyna zyýarat edýärler. Soňra Hudaýoly üçin mal soýup, sadaka berýärler. Gaýnar Babanyň keremli gudraty, onuň döreýiş taryhy barada halk arasynda birnäçe rowaýatlar bar.

Gadym döwürlerde ýaşap geçen, Köýtendagyň ýedi sany keramatly adamlarynyň biri bolan Hoja Şülk özüniň takwalygy, jomartlygy hem-de il içinde gazanan abraýy bilen tanaalypdyr. Öz döwründe tebipçilik ugrunda hem-de Gurhany Kerimi bilmekde ussat bolupdyr. Bar arzuwy Käbä zyýarat etmek bolupdyr. Emma onuň bu isegi amala aşmandyr. Hoja Şülk häzirki Gaýnar Baba diýen ýere göçüp gelipdir. Ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde halka hyzmat edip, ogullaryny we agtyklaryny hem öz ýörelgesini ýöredip dowam eder ýaly terbiýeläpdir.

Megerem, bu täsin ýere Gaýnar Baba adynyň berilmegi, ol ýeriň jana şypaly suwunyň daşlaryň arasyndan çogup, gaýnap çykyşy  bilen bagly bolmaly. Şonuň üçin hem şol ýeriň ýaşuly adamlary onuň adyny Hoja Baba, Gaýnar Baba, Gaýnar Ata diýip tutýarlar. Il içinde Gaýnar Baba ady has giň ýaýrapdyr.

Bu ýerde adam saglygy üçin peýdaly täsirleriniň bardygy hem mälimdir. Ýagny onuň suwunyň hem – de palçygynyň düzüminde kükürdiň oksidi, magniý, kaliý, natriý duzlary we birnäçe beýleki himiki maddalar bar. Bu bolsa, onuň kesel bejeriji häsiýetiniň bardygyny aňladýar. Hassa adamlar ol ýere baryp dynç alyp, suwa düşüp, öz ýanlary bilen palçyk alyp gaýdýarlar. Ýylyň haýsy möwsüminde bolsa – da bu ýere dynç almaga gelýänleriň yzy üzülmeýär.

Tebigatyň eçilen bular ýaly ajaýyplygyny, elbetde, biziň her birimiz gorap saklamaga borçludyrys. 

 

Akmuhammet BAÝLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.