Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Tebigaty görmegiň we duýmagyň ýolunda

Zähmet adamsynyň waspy

Tebigatyň nä derejede owadanlygyny we täsinligini ählimiz bilýäris. Tebigy gözellikleriň adam yhlasy bilen baýlaşdyrylmagy bolsa bu ajaýyplygyň üstüni ýetirip, has üýtgeşik görnüşi emele getirýär.

Gülleriň, toprak ýüzüni örtüp oturan otlaryň, ýapraklaryň özara sazlaşygy, bag görnüşleriniň köpdürlüligi daş-töwerege aýratyn görk berýär. Şeýle hem ol adamlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny üpjün edip, ruhy we beden ösüşiniň sazlaşygyna mynasyp goşant bolýar. Şäher içinde, tebigy zolaklarda we landşafty söýýänleriň howlusynda döredilen tebigy gözellikler we onuň çäklerinde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikler howanyň arassalygyny üpjün etmek bilen birlikde, töweregiň tebigy şertlerini düýpli täzeleýär, ynsanlara ruhy lezzet berýär.

Ine, şeýle ähmiýetli we netijeli tarapdan häsiýetlenýän tebigy gözellikleri we landşaft gurşawy emele getirmek bilen halkymyza şu ugurdaky degişli hyzmatlary hödürleýän işewür ildeşimiz Alişir Ergeşow hem «Jadyl bag» arkaly tebigaty duýmaga çagyrýar. Onuň daşary döwletleriň tebigatyna mahsus dürli bezeg agaçlaryny, baglary we gülleri türkmen topragynyň we howasynyň şertlerinde ösdürip ýetişdirmegi we halkymyza hödürlemegi şu ugurda alnyp barylýan ekologiýa syýasatyna hem medeniýetine hem mynasyp goşantdyr. Türkmenistan döwletimiziň bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenýän döwründe şeýle asylly maksatly işleriň ýola goýulmagy tebigatdan lezzet almagy halaýan halkymyzyň hem islegini doly derejede kanagatlandyrýar. Onuň hödürleýän baglarynyň we gülleriniň daşky görnüşi, häsiýetleri, reňk taýdan ajaýyplygy, görnüş we ösüş babatdaky täsinligi «jadyly baglaryň» dünýäsine syýahata alyp gidýär we tebigaty ýürekden duýmaga mümkinçilik berýär.

Ildeşimiziň müňlerçe düýp bag we gül nahallaryna ideg etmegi we bu ugurdaky islegleri kanagatlandyrmagy netijesinde gözellige beslenen dekoratiw bagly ýollaryň, seýilgäh zolaklarynyň. howlularyň hem hojalyklaryň sany barha artýar. Şeýle-de baglary we jadyly tebigaty söýýän, oňa ideg etmegi halaýan ildeşimiz bag nahallaryny ýerlerde oturdyp bermek, damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnap bermek, dürli beton we keramika küýzeleriň söwdasyny guramak,  saýlanyp alnan dekoratiw baga we güle ideg etmegiň usullaryny öwretmek babatda hem mynasyp işleri alyp barýar. Munuň özi degişli işiň umumy bähbitli we köptaraply ähmiýetlidigini açyp görkezýär.

Biz hem işewür ildeşimiz Alişir Ergeşowa alyp barýan asylly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Goý, ajaýyp Watanymyzda hemişe baglaryň we gülleriň gözelliginden görklenen durmuşymyzda tebigaty görüp, nesillerde oňa bolan söýgi duýgusy döräp dursun, bu ýoldan hemmeler ýöräp dursun!

Aýgül MUHAMMETDURDYÝEWA,
Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com