Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Täze ýyly dünýä dillerinde gutlalyň!

27-12-2021 / 6077

Ýylymyzyň jemini hem dünýä halklaryna goýýan hormatymyzy görkezýän hereketimiz bilen jemlemäge nähili garaýaňyz?! Munuň üçin daşary ýurtly tanyşlarymyzy, hatda birek-biregi ene dilimiz bilen birlikde, dünýä dilleriniň käbirinde hem gutlalyň!

Ilki bilen kö­pi­mi­ze ta­nyş bo­lan rus di­lin­den baş­la­lyň. Rus­ça tä­ze ýy­ly gutla­mak üçin «S nowym godom!» di­ýen gut­la­gy aýt­ma­ly­dy­gy­ny bil­me­ýä­ni­miz megerem ýok bol­sa ge­rek. Iň­lis di­lin­dä­ki «Häppi nýu ýea!» gut­la­gy­ny hem köp ki­şi, hu­su­san-da ýaş­la­ryň ag­la­ba­ bölegi bil­ýän­dir­ler. «Ýeni ýylynyz kutlu olsun!» ýa-da «Mutlu ýyllar!» di­ýip gut­la­sa­ňyz, türk do­gan­la­ry­my­zy, şo­nuň bi­len bir­lik­de, türk dilini bil­ýän­ dost-ýarlaryňyzy hem be­gen­dir­se­ňiz ge­rek.

Eger is­pan­ça gep­le­ýän ýa-da şol di­li bilýän tan­şy­ňyz bar bol­sa, si­zem onuň Tä­ze ýy­ly­ny gut­la­mak is­le­se­ňiz, on­da «Feliz Nawidad!» diý­mek ýe­ter­lik. Ýö­ne ýe­ke­je duýdu­ryş, eger tan­şy­ňy­zyň as­ly Bar­se­lo­na­dan, Me­ksika­dan ýa-da Bue­nos-Aý­res­den bol­sa, siz «Fe­liz aňo nue­wo!» diý­me­li bo­lar­sy­ňyz. Ba­ry-ýo­gy iki­je sö­zi: «Bonne annee» diýme­gi öw­ren­se­ňiz bol­sa, siz 30-dan gow­rak fran­suz dil­li halk­la­ryň we­kil­le­ri­niň Tä­ze ýy­ly­ny gut­lap bi­ler­si­ňiz.

Ne­mes­çe «Frohes Neues Jahr!», ita­li­ýan­ça «Buon anno!» ýa-da «Felis anno Nuowo!», hy­taý­ça «Hinnian Kuaile!», hin­di­çe «Na­ýa sa­al mu­baa­rak ho!», arap­ça «Atamanna laka sanah gadiýdah saiýdah!» ýa-da «Kol aam wa antom bkhair!», taý­ça «Sa was dee pee mai!», ýa­pon­ça «Akemashite omedeto gozaimasu!», af­ri­kan­ça «Heri kwa mwaka mpya!».

Ýü­rek­den çy­kan söz ýü­re­ge ba­rar­myş. Bu gut­la­gy­ňy­zy eşi­dip, da­şa­ry ýurt­lu­lar-a öz­le­ri­ne goý­ýan hor­ma­ty­ňy­za mon­ça bo­larlar. Öz il­deş­le­ri­mi­zem si­ziň tüýs ýü­rek­den çy­kan gut­lag­la­ry­ňy­za ýyl­gyr­mak bi­len jo­gap be­rer­ler. Şol ýyl­gy­ryş­la­ram ýü­rek­le­ri ýy­ladyp, dost-do­gan­lyk da­rag­ty­nyň kök­le­ri­ni has-da ber­ki­der. Täze ýylyňyz mübärek bolsun!

Daniýar SOLTANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Ýer ulanylyşy hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com