
Bilşimiz ýaly, Halkara Nowruz baýramçylygy her ýylyň mart aýynyň 21-22-sine döwlet derejesinde bellenilip geçilýär.
«Nowruz» pars sözi bolup, onuň terjimesi «Täze gün», «Täze ýyl» diýen manylary aňladýar. Alymlaryň bellemegine görä, Nowruz döwri — mart aýynyň 21-inden aprel aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. Bu döwürde orta hasap bilen Türkmenistanyň günorta böleginde giçki çigrek howalar sowulmak bilen, ygalyň mukdary çürt-kesik artýar. Tebigat üç aýlap dowam eden sowuk gyşdan soňra aýratyn gözellige beslenýär, baglar, güller, ösümlikler gunçalap gül açýar, janly-jandar täze röwüş bilen tüýüni täzeleýär. Guş-gumrularyň birenaýy jürküldileri tebigata özboluşly gözellik berýär.
Bir söz bilen aýdanyňda, Nowruzyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Tebigat janlanýarmy, diýmek, adamyň ruhy dünýäsi hem galkynyp, durmuşy, gurluşy, ykbaly, ahwaly adaty bolmadyk süýji ýagdaýa beslenýär. Megerem, hut şeýle pursatlar hem makalamyzyň başynda agzap geçen monjugatdy bendimizdäki bije çekilme dessuryna sebäp bolýan bolsa gerek! Diýmek, ak arzuwlaryň ylahy pursatlarda wysal bolşy ýaly, gelin-gyzlar hem öz ykballarynda näme garaşýandygyna, çekýän bijeli monjugy arkaly özboluşly, täsinlige baý Nowruz gijesinde bilmegi göwnejaý hasaplapdyrlar.
Ähli türki halklarynda bolşy ýaly, biziň halkymyzda hem Nowruz baýramynyň şanyna bezelen saçakda ösümliklerden taýýarlanýan naharlary goýmaklyga aýratyn üns berilýär. Nowruz baýramynyň saçagynda ýedi dürli: bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba ýaly ösümliklerden taýýarlanan tagamlary goýmak hökmany hasap edilýär. Şeýle tagamlaryň hataryna semeni, ýarma, unaş, köje, meşeke, süýtlaş ýaly tagamlar hem girýär. Nowruz baýramynda tagam datmagy bir owurt süýt içmek bilen başlamak hem ýagşy yrymdyr.
Ýaşaýyşyň, ýaşlygyň pasly bolan bahar paslynda bellenilýän Halkara Nowruz baýramymyz gutly bolsun!
Gurbangül ALLABERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.