Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Trend we gözellik

Täsin nagyşly keşdeler

26-04-2021 / 5773

Ene-mamalarymyzdan miras galan naýbaşy keşdeçilik sungaty özüniň gözelligi, nepisligi bilen bu gün dünýäň ýüzüni haýrana goýýar. Türkmen milli el işleriniň biri hasaplanýan keşdeler gadym döwürlerden bäri kämilleşip biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Irki döwürlerde keşdeler ýönekeý usulda ýerine ýetirilipdir. Soň-soňlar ýüpek matanyň ýüzüne altyn we kümüş çaýylan sapaklar arkaly dürli görnüşli owadan nagyşlar salnypdyr. Ýüpek matanyň ýüzüne keşde çekmek ýüpegiň ilkinji dörän ýeri bolan Hytaýda başlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen beýleki ýurtlarda hem ýörgünli bolupdyr.

Dürli ýurtlarda dokalýan keşdeleriň biri-birinden tapawutlanýan aýratynlyklary bar. Mysal üçin, Hindistanyň keşdeçilik sungatyndaky nagyşlarda haýwanlaryň we ösümlikleriň keşpleri ýerleşdirilipdir. Türkmen halkynyň keşdelerinde ýerleşdirilen  dürli reňkdäki owadan nagyşlarda bolsa, türkmen tebigatynyň keşbi nagyşlar arkaly şekillendirilýär. Owadan el keşdeleri synlanyňda, türkmen halkynyň millilik ruhuny duýmak bolýar.

Keşdeleriň biri-birinden tapawutlanýan görnüşleri bar. Lentaly keşde – dürli görnüşli lentalar bilen tikilýän nagyşlar hasaplanýar. Lentaly keşdäni ýerine ýetirmek çylşyrymly hem bolsa, ol özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu keşdäni ýerine ýetireniňde ulanýan reňkleriňi ýerlikli saýlap almak juda zerur bolup durýar. Rişelýe görnüşindäki keşdeler saçaklarda we tutularda tikilýär. Munda birinji matanyň ýüzüne nagyş keşdelenýär we mata kesilip alynýar.  Bu keşdäniň aýratynlygy köplenç ak matanyň ýüzüne tikilýänligidir. Ýüzi tekiz üstli keşde-de bolsa, keşdäniň ölçeglerini takyk edip hasaplamak hökman däldir. Sebäbi bu keşdä düzedişleri girizmek aňsat bolýar. Bu keşde gündogarda giňden ýaýrandyr.

Umuman alanyňda, keşdeler özüniň bezeg aýratynlygy, özüneçekijiligi bilen häzirki günlerimizde-de giňden ýaýrandyr. Aýratyn hem, türkmen keşdeleri öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Başyna kürte atynan gelinleri, elýaka köýnekli, akgaýma tahýaly ýigitleri, milli nagyşlar sünnälenip keşdelenen keteni köýnekli gyzlary göreniňde milli keşdeçilik sungatyna bolan buýsanjyň has-da artýar. Türkmeniň “Keşdeçilik sungaty” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak üçin hödürlenildi. Munuň özi bolsa, milli mirasymyza dünýä derejesinde uly ünsüň berilýändigini aňladýar.

 

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 


Fatal error: Uncaught Error: Call to undefined function ST4_single_hits2() in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php:508 Stack trace: #0 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php(692): tie_get_post_meta() #1 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-actions.php(260): tie_the_post_meta() #2 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(324): tie_post_extra_info_column() #3 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(348): WP_Hook->apply_filters() #4 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/plugin.php(517): WP_Hook->do_action() #5 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/templates/single-post/content.php(81): do_action() #6 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/classes/class-tielabs-helper.php(119): include('/var/www/vhosts...') #7 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/single.php(17): TIELABS_HELPER::get_template_part() #8 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/template-loader.php(106): include('/var/www/vhosts...') #9 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-blog-header.php(19): require_once('/var/www/vhosts...') #10 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/index.php(17): require('/var/www/vhosts...') #11 {main} thrown in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php on line 508
WordPress › Error

There has been a critical error on this website.

Learn more about troubleshooting WordPress.